Asada tabynlykdaky güýçler çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän etrapça hüjüm gurady

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlib şäheriniň Han Şeýhun etrapçasynda guran hüjüminde 1-i agyr 5 adam ýaralandy

789331
Asada tabynlykdaky güýçler çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän etrapça hüjüm gurady

Şäheriň raýat goranyş edarasynyň ýolbaşçylaryndan Muhammed Haj Ýusuf Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda “Asada tabynlykdaky güýçler düýn gije Han Şeýhuna hüjüm gurady” diýdi.

Ýusuf mesele hakynda beren beýanatynda “Etrapçada esger ýok, bombaly hüjüm asuda ilata garşy guraldy, hüjümleriň dowam etjekdigi öňe sürülýär” diýdi.

Asada tabynlykdaky güýçler Han Şeýhuna 4-nji aprelde himiki ýaraglar bilen hüjüm edipdi, hüjümde azyndan 100 adam ýogalypdy, 500 adam hem ýaralanypdy.

Etrapça Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan  kesgitlenen çaknyşyksyz zolakda ýerleşýär



Degişli Habarlar