Ýemeniň suw giňişliginde deňize zyňylan 51 bosgun gark bolup ýogaldy

Ýemeniň suw giňişliginde adam söwdasyny edýän toparlar tarapyndan deňize zyňylan aglabasy ýaşlardan ybarat 120 adamyň 51-i gark bolup ýogaldy

787221
Ýemeniň suw giňişliginde deňize zyňylan 51 bosgun gark bolup ýogaldy

BMG-nyň Halkara Bosgun guramasy Ýemeniň suw giňişliginde deňize zyňylyp, ölüme terk edilen aglabasy ýaş oglan-gyzdan ybarat bolan 120 bosgunyň 51-siniň ýogalandygyny mälim etdi.

Berilen beýanatda Somaliniň we Efiopiýanyň raýatlary bolan 120 adam Ýemeniň suw giňişliginde bir gaýykdan adam söwdasyny edýän garakçylar tarapyndan deňize zyňylandygy habar berildi.

Şol adamlaryň 51-siniň gark bolup ýogalandygy aýdylýan beýanatda adamlaryň ortaça ýaşlarynyň 16 ýaşdygy bellendi.

Guramanyň Ýemen boýuça jogapkäri Laurent De Boek kenara ýüzüp gelen bosgunlaryň adam sözdasyny edýän toparyň kenarda resmileri görmegi bilen özlerini deňize itendiklerini aýdandyklaryny habar berdi.

Boek Somala gaýdyp giden garakçylaryň Ýemene has hem köp bosgun getirjek bolýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar