ABŞ PKK/PÝD-ä DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen harby taýdan goldaw bermäge dowam edýär

ABŞ Siriýada aýralykçy terror guramasy PKK/PÝD-ä DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen harby taýdan goldaw bermäge dowam edýär

785835
ABŞ PKK/PÝD-ä DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen harby taýdan goldaw bermäge dowam edýär

Iki gün ozal 112 konteýnerlik harby kömek Rakkanyň demirgazygyndaky terrorçylara ugradyldy.

Anadoly habarlar gullugynyň Hasekedäki habarçysy düýn gije 112 konteýnerlik harby kerweniň Yrak serhedinden geçip guramanyň gözegçiligi astyndaky Haseke şäherine girendigini habar berdi.

Kerwendäki amerikan esgerleriniň ulanýan sowutly “Hummerleri”, ýangyç tankerleri  we ulaglar ünsleri özüne çekdi.

Mundan ozal hem PKK/PÝD-ä 5-nji iýunda 60, 12-nji iýunda 20, 16-njy iýunda 50, 21-nji bilen 26-njy iýunyň aralygynda jemi 120, 5-nji iýulda 82, 9-njy iýulda 102, 13-nji iýylda 95, 17-nji iýulda 100, 22-nji iýulda 100, 27-nji iýulda 80, 31-nji iýulda 100 bolmak bilen jemi 909 konteýnerlik harby kömek berlipdi.

 



Degişli Habarlar