Germaniýada zäherli ýumurtgalar ýüze çykdy

Gollandiýadan we Belgiýadan soň indi bolsa Germaniýada zäherli ýumurtgalar ýüze çykdy

783203
Germaniýada zäherli ýumurtgalar ýüze çykdy

Aşakgy Saksoniýa welaýatynda mör-möjeklere garşy ulanylýan dermanyň düzüminde bolan zäherli fipronil maddasy bolan 1,3 million ýumurtganyň bazarlara çykarylmagyndan soň 3 million ýumurtganyň hem Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatyna iberilendigi mälim edildi.

3 million ýumurtganyň 875 müňüniň bazarlara çykarylandygy habar berildi.

Awuly ýumurtgalaryň arasynda tebigy ýumurtgalaryň hem bardygy bellendi.

Iki welaýatdan soň Bawariýa, Hessen we Bremen welaýatlarynyň resmileri hem zäherli ýumurtgalaryň öz welaýatlaryna iberilendigini aýdyp, sarp edijilere iýmezlikleri barada duýduryş berdiler.

Awuly ýumurtgalaryň näçe sanysynyň bazardadygy bolsa anyk mälim däl.

Prokuratura awuly ýumurtgalara garşy herekede geçdi.

Mör-möjeklere garşy ulanylýan awuly fipronil maddasynyň ýumurtgalara nädip geçendigi derňelýär.

Gollandiýanyň we Belgiýanyň prokuraturalary hem mesele bilen bagly derňew geçirýär.

Derňewiň üns merkezinde bolsa towuk fermalarynda bite garşy maddalar ulanýan Gollandiýadaky “Chickfriend” kärhanasy bar.

Gollandiýanyň hökümeti sarp edijilere testleriň netijelenýänçä çenli ýumurtga iýmezlikleri barada çagyryş berdi.

Gollandiýada şol sebäpli häzirki wagta çenli 180 towuk fermasy ýapyldy.

Germaniýada iki market Gollandiýadan baran ýumurtgalary satmagyny bes etdi.

Mör-möjekleri öldürmek we esasan hem bit dermanlarynda ulanylýan fipronil maddasynyň ÝB-de et, süýt we ýumurtga alynýan haýwanlara garşy ulanylmagy gadagdan.



Degişli Habarlar