Dünýäniň iň beýik binalarynyň birinde ýangyn ýüze çykdy
Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok

Dünýäniň iň beýik binalarynyň biri bolan Dubaýdaky 86 gatly Torç binada ýangyn ýüze çykdy.
Dubaýly resmiler binanyň ýaşaýjylarynyň üstünlikli ýagdaýda çykarylandygyny we ýangyn söndüriji toparlaryň binadaky ýangyny gözegçilik astyna almaga synanyşýandygyny habar berdi.
Ýogalan ýa-da ýaralanan adam bolmadyk wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär.
Torç binasyna 2015-nji ýylda bolan ýangynda hem zeper ýetipdi.
Bina 2011-nji ýylda açylanynda dünýäniň iň beýik binasy adyna eýe bolupdy.
Emma şol günden bäri iň beýik bina ady 6 gezek üýtgedi.
Degişli Habarlar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Filippinleriň günortasynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna hüjüm gurady