ABŞ-dan Demirgazyk Koreýa hemle

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ballistik raketa bilen geçiren soňky synag bilen ünsleri özüne çeken Demirgazyk Koreýa üçin “Ýerinde oturdarys” sözlerini ulandy

781172
ABŞ-dan Demirgazyk Koreýa hemle

Donald Tramp Ak Tamda geçirilen ýygnakdan soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Demirgazyk Koreýany ýerine oturdarys. Ýerinde oturar. Ähli zat ýerbe-ýer bolar” diýip belledi.

Tramp ABŞ-niň goşunynyň Baş ştabynyň täze başlygy Jon F. Kelli barada bolsa: “Ajaýyp işleri ýerine ýetirjekdiginden hiç şübhäm ýok” diýdi.

Demirgazyk Koreýa geçen hepdäniň anna güni şu ýylky 14-nji raketa synagyny geçirdi we 2-nji materigara ballistik raketa synagyny amala aşyrdy.

Prezident Tramp mundan başgada mesele bilen baglanşykly hökümediniň Demirgazyk Koreýa we Ýakyn Gündogar bilen birlikde ençeme daşary ýurt meselesini ozalky hökümetden miras alandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar