Russiýadan ABŞ-e jogap

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin ABŞ-niň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny 755 adam azaldyljakdygyny mälim etdi

780394
Russiýadan ABŞ-e jogap

Vesti.ru saýtynda çap edilen reportažynda mesele bilen baglanşykly beýanat beren Putin: “ABŞ-niň Russiýadaky diplomatik wekilhanalardaky işgärleriň sanynynyň 755 adam azaldylar. Diplomatlaryň sany şeýlelik bilen ABŞ-däki rus diplomatlaryň sany bilen deňleşýär” diýip habar berdi.

Putin beýanatynda: “Ýagdaýlaryň üýtgejekdigine umydymyz bardy. Ençeme wagtlap käbir zatlaryň gowy tarapa üýtgemegine garaşýardyk. Emma ýakyn wagtda hiç zadyň üýtgemejekdigi görünýär. Islendik herekedi jogapsyz goýmajakdygymyzyň wagtynyň gelendigine karar berdim” diýdi.

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Moskwanyň ABŞ bilen gatnaşyklaryny gowy tarapa gitmegine uzak wagtlap garaşandygyny we bu babatda ozal umydynyň bolandygyny, emma ähli bolup geçýänleriň gatnaşyklaryň gowulaşmagynyň ýakyn wagtda bolmajakdygyny görkezendigini belledi.

Putin Siriýa babatynda edilýän hyzmatdaşlyk we köpçülikleýin ýaraglaryň ulanylmagy bilen baglanşykly ädimleriň bolsa iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtap, Siriýada dartgynlygy azaltmak we howpsyz zolaklaryň döredilmegi bilen baglanşykly ylalaşygyň bolsa bilelikdäki işleýişiň konkret bir görkeizijisidigni habar berdi.

ABŞ-de geçen hepde Eýrana we Demirgazyk Koreýa bilen birlikde Russiýa garşy täze sanksiýalar girizilipdi.



Degişli Habarlar