Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Aksa metjidi meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Useýmin ýüzlenmesinde Aksa metjidinde başdan geçirlen wakalaryň Ysraýyl tarapyndan meýilleşdirlendigini belledi

776576
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Aksa metjidi meselesini ara alyp maslahatlaşdy

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Hemişelik wekiller komiteti Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde jemlenişdi we Ysraýylyň Aksa metjidinde adam hukuklaryny basgylamagy meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Adatdan daşary ýagdaýda geçirlen maslahat guramanyň Baş sekretary Ýusuf Al Useýminiň açylyş ýüzlenmesiniň okalmagy bilen başlady.

Useýmin ýüzlenmesinde mukaddes Aksa metjidi meselesinde egilşik edilmejekdigini, metjide zeper ýetirilmeginiň sebitde uly dartgynlyga sebäp bolup biljekdigini nygtady.

Useýmin ýüzlenmesinde Aksa metjidinde başdan geçirlen wakalaryň Ysraýyl tarapyndan meýilleşdirlendigini belledi.

Palestinanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Teýsir Jeredat bolsa 14-nji iýulda başdan geçirlen wakadan soň Aksa metjidiniň 50 ýyldan bäri ilkinji gezek Ysraýyl tarapyndan ybadata ýapylandygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar