Saud Arabystanly Şazada tussag edildi

Şazada Abdulaziz bin Musaid Al Suud käbir adamlara hüjüm edýändigi we olary kemsidendigi hakyndaky wideo ýazgylarynyň internetde berilmeginden soň tussag edildi

775086
Saud Arabystanly Şazada tussag edildi

 

Saud Arabystanynyň döwlet telewideniýesi Al Ahbariýeniň habaryna görä, Şazada Abdulaziz bin Musaid Al Suud käbir adamlara hüjüm edýändigi we olary kemsidendigi hakyndaky wideo ýazgylarynyň internetde berilmeginden soň tussag edildi.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz ady agzalýan ýazgylar sebäpli Şazada Abdulaziziň we oňa goldaw beren beýleki adamlaryň tussag edilmegi we kaziýet işiniň gozgalmagy hakynda görkezme berdi.

 Şa Salmanyň görkezmesine laýyklykda hüjüme sezewar bolan adamlaryň hukuklarynyň goralmagyny isledi.

Saud Arabystanynyň halky Şa Abdulaziziň ynsanpary kemsidýän wideo ýazgylaryna berk garşylyk görkezýär.



Degişli Habarlar