Katar embargo goýan dört ýurda garşy kazyýet işini gozgar

Kataryň hökümeti özüne garşy embargo goýan Saud Arabystany, BAE, Bahreýn we Müsüre garşy halkara kazyýetinde kazyýet işini gozgar we çekilen zyýanyň öweziniň dolunmagy üçin talap bildirer

772629
Katar embargo goýan dört ýurda garşy kazyýet işini gozgar

Kataryň Ykdysadyýet we söwda ministri Şeýh Ahmed Bin Kasim Bin Muhammed Al Sani Şweýasriýanyň Ženewa şäherinde Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň başlygy Klaus Şwab, Bütindünýä Inttelektual eýeçilik guramasynyň baş müdüri Frensis Garri we Bütindünýä Söwda guramasynyň baş müdüri Roberto Azewedo bilen duşuşyk geçirdi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanata görä duşuşykda Pars aýlagy krizisi, embargo goýan ýurtlaryň syýahatçylyk gadagançylygy, gury ýer, howa we deňiz serhetleriniň ýapylmagy ýaly gadagançylyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Al Sani: “Katar gerek bolan ähli proseduralary ýola goýar we embargo goýan ýurtlara garşy sebitleýin we halkara kazyýetler bilen guramalara ýüz tutar” diýdi.

Ýerli we daşary ýurtly kärhanalaryň embargolary sebäpli emele gelen zyýanlaryň öweziniň dolunmagy üçin Kataryň ady agzalan ýurtlara garşy kazyýet işini gozgajakdygyny aýdan Al Sani kazyýet işiniň haýsy kazyýetlerde gozgaljakdygy ýa-da haýsylaryna ýüz tutuljakdygy barada bolsa maglumat bermedi.

Emma Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al-Atiýýe ýurdunyň embargo goýan Saud Arabystany, BAE, Bahreýn we Müsüre garşy Halkara Adalat diwanynda kazyýet işini gozgap biljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar