15-nji iýul şehitleri dünýäniň çar tarapynda hatyralandy

FETÖ/PDÝ-niň hyýanatçylykly gan döküşikli synanşygynda gahrymanlarça göreşen şehitler dünýäniň çar tarapynda uly hormat bilen hatyralandy

771099
15-nji iýul şehitleri dünýäniň çar tarapynda hatyralandy
kosova 15 temmuz.jpg

 

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň hyýanatçylykly gan döküşikli synanşygynda gahrymanlarça göreşen şehitler dünýäniň çar tarapynda uly hormat bilen hatyralandy

Germaniýada 15-nji iýul şehitleri üçin Berlindäki Şehitlik metjisinde Juma namazyndan öň Gurhan okaldy.

Britaniýanyň paýtagty Londondaky Azize metjisinde hem şehitler üçin doga edildi.

Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç hatyralama çäresine telekonferensiýa arkaly gatnaşdy.

Çäre dowam edýärkä aýralykçy terror guramasy PKK-nyň tarapdarlary çärä gatnaşmak islän raýatlara böwet bolmaga synanşdy. Wakada 3 adam göz tussaglygyna alyndy.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda hem Lefkoşadaky Abubekir metjisinde şehitler üçin doga edildi.

15-nji iýul şehitleri dost ýurt Pakistanyň paýtagty Yslamabatda hem uly hormat bilen hatyralandy.

Şehit Erol Olçak we ogly Abdullah Olçok bolsa 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň birinji ýylynda Makedoniýanyň paýtagty Skopýadaky öýlerinde hatyralandy.

Skopýadaky taryhy Mustafa Paşa metjisinde 15-nji iýul şehitleri üçin Gurhan okaldy.

15-nji iýul şehitleri Bosniýa-Gersogowinada we Kosowada hem uly hormat bilen hatyralandy.



Degişli Habarlar