Nýu-Ýorkda syçanlara garşy göreş başladyldy

ABŞ-nyň iň uly şäheri we ýurdyň ykdysady paýtagty bolan Nýu-Ýorkda syçanlara garşy göreş üçin 32 million dollarlyk pul serişdesi aýryldy

769822
Nýu-Ýorkda syçanlara garşy göreş başladyldy

Şäher häkimligi takmynan 8,5 million ilatly şäherde takmynan 2 milliona golaý syçanyň bardygyny çak edýändiklerini, ilkinji etapda syçanlaryň 70 göterimini azaltmagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

Şäher häkimi Bill De Blasio: “Syçanlary Nýu-Ýorkda durmuşymyzyň adaty bir bölegi hökmünde kabul etmeýäris” diýdi.

Nýu-Ýorkyň Saglygy goraýyş müdürligi täze ýyldan bäri syçanlar bilen baglanşykly 10 müňden gowrak şikaýat alandyklaryny habar berdi.


Etiketkalar: #Nýu-Ýork , #syçan , #göreş , #ilat

Degişli Habarlar