Demirgazyk Koreýada ýer titremesi boldy

Demirgazyk Koreýada 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

769723
Demirgazyk Koreýada ýer titremesi boldy

Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň resmileri şu gün irden Demirgazyk Koreýanyň Çongžin şäheriniň 192 km alysynda deňiziň 500 km aşagynda 6,3 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň Geologiýa ulmy-derňew merkezi bolsa ýer titremäniň 5,9 bal ululygynda bolandygyny bellediler.

Resmiler ýer titremäniň 20 ýyl bäri Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa deňizinde bellige alynan iň güýçli ýer titreme bolandygyna ünsi çekdiler.

Milli ýer titreme bilim merkeziniň hünärmeni Jon Bellini ýer titremäniň Demirgazyk Koreýanyň soňky wagtlarda ýadro raketa synaglaryndan emele gelendigi baradaky öňü sürmeler bilen baglanşykly Ýonhap habarlar agentligine beren beýanatynda: “Ýer titreme deňiziň 500 km aşagynda emele geldi. Onuň ýadro synaglary bilen arabaglanşygy ýok. Bu tebigy bir ýer titremedir” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiren ýadro synagyndan soň 4,3 bal ululygynda, 2009-njy ýylyň maý aýynda geçiren ýadro synagyndan soň 4,7 bal ululygynda, 2013-nji ýylyň fewral aýynda we 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda geçiren ýadro synaglaryndan soň bolsa 5,1 bal ululygynda ýer titremeler bolupdy.

Ýer titremeleriň seýsmiki bolmaýan bir hereketden emele gelýändigi bellenipdi.



Degişli Habarlar