Planetamyzda 710 million adam başga ýurtlarda ýaşamak isleýär

Şolaryň ýaşamak isleýän ýurtlarynyň hatarynda Türkiýe 15-nji orny eýeleýär

769163
Planetamyzda 710 million adam başga ýurtlarda ýaşamak isleýär

BMG-niň Halkara Migrasiýa guramasy “Gallup” firmasyna 160-dan gowrak ýurtda geçirden barlagynyň netijelerini çap etdi.

Barlagda kämillik ýaşyna ýeten adamlara “Mümkinçiligiňiz bolsa başga ýurda göçmek isleýäňizmi?”, “Geljek bir ýylyň dowamynda başga ýurda göçmegi meýilleşdirýäňizmi?” we “Geljek bir ýylyň dowamynda başga bir ýurda göçmek üçin taýarlyk gördüňizmi?” diýlen soraglar soraldy.

Berilen jogapkara görä 710 million adamyň mümkinçiligi bolan halatynda başga ýurtda hemişelik ýaşamak üçin göçmek isleýändigi, 66 million adamyň bir ýylyň dowamynda göçmegi meýilleşdirýändigi, 23 million adamyň bolsa şeýle maksat bilen taýarlyk görýändigi anyklandy.

Habarnamada potensial migrantlaryň gitmek isleýän esasy ýurtlarynyň ABŞ, Britraniýa, Saud Aarabystany, Fransiýa, Kanada, Germaniýa we Günorta Afrika, göçmegi pikir edýänleriň köplükde bolan ýurtlarynyň Nigeriýa, Hindistan, Demokratik Kongo Respublikasy, Sudan, Bangladeş we Hytaý ýaly ýurtlar bolmagy üns çekiji.

Türkiýe göçülmek isleýän ýurtlaryň hatarynda 15-nji orny eýeledi. Göçmek isleýänleriň esasy bölegi Afrika we Aziýa ýurtlarynda ýaşaýanlardan ybarat.


Etiketkalar: #BMG , #Hytaý , #firma , #ýurt , #başga

Degişli Habarlar