Merkezi Afrikada ýük ulag heläkçiliginde 77 adam ýogaldy

Ýük ulag heläkçiliginde 60-e golaý adam hem ýaralandy

765737
Merkezi Afrikada ýük  ulag heläkçiliginde 77 adam ýogaldy

Merkezi Afrikada  ýük ulaglarynda ýolagçy gatnawynyň gadagandygyna garamazdan ýolagçy alyp barýan ýük ulagynyň agdarylmagy sebäpli azyndan 77 adam ýogaldy.

Ýük ulag heläkçiliginde 60-e golaý adam hem ýaralandy.

Ýolbaşçylar waka bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar