Kuweýt Kataryň jogabyny Saud Arabystanyna gowşurdy

Kuweýt Kataryň hökümetiniň Saud Arabystanynyň, Müsüriň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Bahreýniň talap sanawyna beren jogabyny Saud Arabystanyna ýetirdi

764712
Kuweýt Kataryň jogabyny Saud Arabystanyna gowşurdy

Saud Arabystanynyň Al-Arabiýýa telewideniýesiniň berýän habaryna görä  Kuweýdiň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň işlerinden jogapkär ministri Muhammed Abdullah As-Sabah Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al-Jubeýr bilen Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde duşuşdy.

Sabah talap sanawyna garşy duşenbe güni Kataryň Kuweýde beren jogabyny Jubeýre gowşurdy.

Habarda Dohanyň jogabynyň jikme-jikligi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

Katara garşy embargo goýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükriniň çakylygyna laýyklykda şu gün Müsürde jemlenmegine we Katar bilen gatnaşyklarda mundan soň ediljek ädimleriň ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.

Saud Arabystany, Müsür, BAE we Bahreýn resmi Doha gatnaşyklaryň ýaňadandan ýola goýulmagy üçin Türkiýäniň Katardaky harby bazasynyň ýapylmagy, Eýran bilen edýän gatnaşyklaryny kesmegi we Al Jazeera telewideniýesiniň ýapylmagy ýaly maddalary öz düzüminde jemleýän 13 maddalyk talap sanawyny beripdi.

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani ýurdunyň embargo goýan Saud Arabystany, BAE, Bahreýn we Müsüriň ozal özlerine beren 13 maddalyk talap sanawyna garşy jogabyny duşenbe güni Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah El-Ahmed El-Jabir As-Sabaha gowşurypdy.



Degişli Habarlar