Ýemen serhedinde 10-njy maýdan bäri Saud Arabystanynly 26 esger ýogaldy

Ýemende Husiler bilen çaknyşyklar dowam edýär

763116
Ýemen serhedinde 10-njy maýdan bäri Saud Arabystanynly 26 esger ýogaldy

Ýemende häkimiýetiň başyndaky Husiler bilen Saud Arabystan serhedinde bolan çaknyşykda Saud Arabystanly 2 esger ýogaldy.

Saud Arabystanynyň SPA habar gullugy ýurduň günorta serhedinde Husiler bilen bolan çaknyşykda Saud Arabystanly Majid Bin Ahmed Abdurrahman we Muhamed Bin Ömer Al Adýany atly iki esgeriň ýogalandygyny habar berdi.

Husiler bilen bolan çaknyşyklarda düýn hem 1 esger ýogalypdy.

Saud Arabystanynyň ýaragly güýçleri Ýemen serhedinde 10-njy maýdan bäri 26 esgerini ýitirdi.

 



Degişli Habarlar