Somalide 20 müň çaga açlyk bilen ýüz-ýüze

Saadi Somala açlyga garşy göreş üçin gyssagly 1,5 million dollar gerekdigini belledi

761848
Somalide 20 müň çaga açlyk bilen ýüz-ýüze

Merkezi Britaniýanyň paýtagty London şäherinde ýerleşýän “Save the Children” atly çagalara ýardam guramasy Somaliniň 18 sebitiniň 9-synda gyz we erkek çagalaryň gyssagly kömege mätäçdigini habar berdi.

Ýardam guramasy halkara jemgyýete Somala kömek bermäge çagyrdy.

Guramanyň Somali boýunça müdüri Hasan Noor Saadi beren beýanatynda ýeterlik derejede iýmitlenip bilmeýän çagalaryň örän artýandygyny mälim etdi.

Noor Saadi ýurtdaky ýagyşlaryň durnuksyzdygyny ýatladyp, oba-hojalyk önümleriniň hasylynyň entek kepillik astyna alynmandygyny we şol sebäpli maşgalalaryň öz çagalaryny ýeterlik derejede iýmitlendirip bilmeýändigini habar berdi.

Saadi Somala açlyga garşy göreş üçin gyssagly 1,5 million dollar gerekdigini we şu günki güne çenli 500 million dollar kömek beriljekdigi barada söz berilendigini belledi.

“Ýylyň ilkinji ýarymynda kömekleriň saýasynda 1 million çaga kömek berip bildik” diýen Saadi kömek berilmän halatynda ellerindäki pulyň gysga wagtda gutarjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar