Germaniýada G20 maslahatyna taýarlyklar dowam edýär

Germaniýada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşjak G20 maslahaty üçin taýarlyklar giň gerimli dowam edýär

761780
Germaniýada G20 maslahatyna taýarlyklar dowam edýär

Söwda, klimat we migrasiýa meseleleriniň ele alynjak maslahatdan ozal Germaniýa döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen Şengen gollanmasyny wagtlaýyn togtatdy.

7-8-nji iýul aralygynda Gamburg şäherinde geçiriljek ýokary derejeli maslahatyň howpsyzlygy üçin müňlerçe polis işgäri iş alyp barar.

Nemes resmiler maslahatyň geçiriljek ýerini howpsyz zolak yglan etdi we adamlaryň ýygnanmagyny gadagan etdi.

Germaniýanyň howpsyzlyk güýçlerine Gollandiýadan we Awstriýadan geljek howpsyzlyk güýçleri goldaw berer.

Maslahatda bütin Ýewropadan geljek demonstrantlaryň Gamburg şäherinde protest geçirmeklerine garaşylýar.

Zeper ýetmekten howatyrlanan Gamburg şäheriniň merkezindäki uly söwda merkezleri hem howpsyzlyk çärelerini maslahatyň dowamynda artdyrjakdyklaryny habar berdiler.



Degişli Habarlar