Ukrainanyň paýtagty Kiýewde bir ulag partlady
Hadysada 1 adam ýogaldy
Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde bir ulagyň partlamagy netijesinde ulagyň içindäki 1 adam ýogaldy.
Kiýewiň Milli polis merzinden berilen beýanatda Kiýewiň merkezindäki Solomenska we Alekseýewska köçeleriniň kesişýän ýerinde ulaglaryň biriniň partlandygy habar berildi.
Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Artýom Şewçenko partlamada ulagyň içindäki Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinde işleýän bir harby işgäriň ýogalandygyny mälim etdi.
Wakanyň bolan ýerine gelen toparyň wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygyny derňeýändikleri bellendi.
Degişli Habarlar
Gazada 41 Müň 534 Adam Ýogaldy
Hüjümlerde ýogalanlaryň sany 41 müň 534, ýaralananlaryň sany hem 96 müň 92 adama ýetdi.
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Makron bilen Zelenskiý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda duşuşdy.