Pakistanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Hadysada 11 adam ýogaldy

758718
Pakistanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Pakistanyň günorta-günbataryndaky Buljystan welaýatynyň paýtagty Kuettada bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 11 adam ýogaldy.

Buljystan welaýatynyň Içeri işler müdürligi tarapyndan berilen beýanata görä şäheriň Içeri işler müdürliginiň golaýynda guralan hüjümde şeýle hem 20 adam ýaralandy.

Tiz kömek gullugynyň işgärleri ýaralanan adamlaryň käbirleriniň ýagdaýlarynyň agyrydygyny mälim etdiler.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.

 


Etiketkalar: #Pakistan , #bomba , #hüjüm

Degişli Habarlar