Ýewropa Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalaryň möhledini uzaldar

Ýewropa Bileleşigi Ukrainany durnuksyzlaşdyrýandygy sebäpli Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalaryň möhledini ýene-de 6 aý uzaltmak barada karar kabul etdi

758308
Ýewropa Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalaryň möhledini uzaldar

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde dowam edýän Ýewropa Bileleşigi Liderler maslahatynda özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk: “Ylalaşyk gazanyldy. Russiýanyň Minsk ylalaşygyny ýola goýmakdaky ýetersizligi sebäpli ÝB ykdysady sanksiýalaryny uzaldar” diýdi.

Russiýa 2014-nji ýylyň 18-nji martynda Krym Awtonom Respublikasyny we Siwastopol şäherini bikanun ýagdaýda basyp alypdy.

Krymyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy we Ukrainanyň gündogarynda ýüze çykan wakalardan soň ÝB, ABŞ we käbir beýleki ýurtlar Russiýa garşy ykdysady sanksiýalar girizipdi.

ÝB Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryny ilkinji gezek 2014-nji ýylda girizipdi.

Ykdysady sanksiýalara laýyklykda Ýewropa Bileleşigine agza 28 ýurt Russiýa ýarag satmaýar.

Sanksiýalar bilen Russiýanyň nebit we gaz pudagynda ulanylýan käbir tehnologiýalar ÝB-ne agza ýurtlardan satyn alynmagy çäklendirilýär. Mundan başgada Russiýanyň döwlet banklary Ýewropada maliýe pudagyndan çetleşdirilýär.

Esasan hem söwda we maýa goýum çäklendirimeleri özünde jemleýän sanksiýalar 6 aýda bir gezek uzaldylýar. Häzirki sanksiýalaryň wagty 2017-nji ýylyň 31-nji iýulynda tamamlanýardy.



Degişli Habarlar