Siriýanyň demirgazygynda ýene-de bir hüjüm guraldy

Motosikl bilen guralan bu hüjümde bolsa 7 adam ýogaldy

757590
Siriýanyň demirgazygynda ýene-de bir hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Idlib şäherinde bomba ýüklenen motosikl bilen guralan hüjümde 7 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy.

Idlibiň merkezindäki Syleýbe etrapçasynda bomba ýüklenen motosikl oppozisionerleriň gözegçilik merkeziniň golaýynda partladyldy.

Hüjüm guralan mahaly golaýda adamlaryň köpdügi habar berildi.

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alynan hem bolsa, ýaralanan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýlaryň agyrydygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigi bellendi.

Hüjüm kim tarapyndan guralandygy entek mälim edilmedi.



Degişli Habarlar