Teresa Meý Saud Arabystanyna, Bahreýine we Katara egilşik etmekleri üçin çagyryş berdi

Meý Kataryň Pars aýlagyndaky hyzmatdaşlary bilen sebitdäki terror belasyna garşy göreşini dowam etdirmelidigini ýatlatdy

753945
Teresa Meý Saud Arabystanyna, Bahreýine we Katara egilşik etmekleri üçin çagyryş berdi

Britaniýa käbir Arap ýurtlarynyň Katar bilen edýän gatnaşyklaryny bes etmegine sebäp bolan dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Saud Arabystanyna, Bahreýine we Katara egilşik etmekleri üçin çagyryş berdi.

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý düýn agşam telefon arkaly Saud Arabystanynyň, Bahreýiniň we Kataryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Teresa Meý telefon söhbetdeşliginde Pars aýlag ýurtlarynyň Katara goýan embargosy meselesinde taraplaryň gepleşik geçirmegi we Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýaňadandan öz işine başlamagy üçin çagyryş berdi.

Meý Kataryň Pars aýlagyndaky hyzmatdaşlary bilen sebitdäki terror belasyna garşy göreşini dowam etdirmelidigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar