Demirgazyk Koreýaly bir esger Günorta Koreýa sygyndy

Beýleki tarapdan bolsa esgeriň şahsyýeti barada maglumat berilmedi

752768
Demirgazyk Koreýaly bir esger Günorta Koreýa sygyndy

Ýonhap habarlar agentliginiň Günorta Koreýanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanata esaslanyp beren habarynda Demirgazyk Koreýaly bir esgeriň düýn agşam ýerli wagt bilen sagat 19-50-de Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda harbylardan saplanan sebitden geçip günorta koreýaly esgerleriň nobatda duran ýerine barandygy mälim edildi.

Esgeriň günorta koeraýly resmiler tarapyndan soraga çekilendigi bellenýän habarda esgeriň geçen mahaly çaknyşygyň ýüze çykmandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan bolsa esgeriň şahsyýeti barada maglumat berilmedi.

Resmi Seulyň geçen ýylky belliklerine görä Koreýa söweşiniň tamamlanmagyndan bäri ýurtdaky açlyk we Phenýanyň basyşlaryna çydaman gaçan 29 müň demirgazyk koreýaly Günorta Koreýa sygyndy.

 



Degişli Habarlar