Tramp ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny İýerusalyma göçürmek kararyndan häzirlikçe ýüz öwürdi

Tramp ilçihananyň häzirlikçe Tel Awiwde öz işini dowam etdirmegi üçin karara gol çekdi

744302
Tramp ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny İýerusalyma göçürmek kararyndan häzirlikçe ýüz öwürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň Ysraýylyň paýtagty Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalyma göçürmek kararyndan häzirlikçe ýüz öwürdi.

Tramp ilçihananyň häzirlikçe Tel Awiwde öz işini dowam etdirmegi üçin karara gol çekdi.

Ak Tam hem milli howpsyzlyk sebäpli ABŞ-nyň Ysraýylyň paýtagty Tel Awiwdäki ilçihanasynyň Iýerusalyma göçürilmegi işleriniň 6 aý möhlet bilen saklanandygyny mälim etdi.

Prezident Tramp saýlaw kampaniýasy döwründe ilçihananyň Tel Awiwden Iýerusalyma göçürilmegini wada beripdi.

Donald Trampyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet sekretarlygynyň we Merkezi razwetka gullugynyň habarnamalary sebäpli kararyndan ýüz öwürendigi bellenildi.

Palestinalylar karara hoşallyk bildirdi, Ysraýyl bolsa kararyň arzuw hyýallaryny puja çykarandygyny mälim etdi.

BMG bolsa Trampyň kararyny “ýerlikli karar” hökmünde häsiýetlendirdi.

BMG-nyň mesele hakyndaky beýanatynda “Baş sekretary şol kararyň parahatçylyk etabynyň ýaňadandan başlamagyna goşant goşmagyny umyt edýär”diýildi.

Amerikan kongresinde 1995-nji ýylda kabul edilen İlçihanalar kanuny ilçihananyň Tel Awiwden Iýerusalyma göçürilmegini göz öňünde tutýar.

Ilçihananyň ýeriniň üýtgedilmeginiň Amerikan hökümetiniň Iýerusalymy Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegi manysyny aňladýandygy üçin ozalky prezidentler bu kanuny ýerine ýetirmedi.

1967-nji ýylda Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Iýerusalym halkara jemgyýetçiligi we guramalar tarapyndan haýsydyr bir ýurda degişli hökmünde kesgitlenilmedi.

Musulmanlaryň keramatly ýerlerinden biri bolan Aksa metjidiniň ýerleşýän ýeri Gündogar Iýurusalym bolsa Iýordaniýanyň we Müsüriň gözegçiligi astynda.

 



Degişli Habarlar