Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky güýçler Türkmendagyndaky we Jebel Ekratdaky obalara hüjüm gurady

Obalara guralýan hüjümler aralyklar bilen dowam edýär

744501
Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky güýçler Türkmendagyndaky we Jebel Ekratdaky obalara hüjüm gurady

Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky güýçler Latakiýa şäheriniň Türkmendagyndaky we Jebel Ekratdaky obalara hüjüm gurady.

Ýerli ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä, Asada tabynlydaky güýçler düýn agşamara oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky obalara roketa hüjümini gurady.

Hüjümlerde Türkmendagynda Zeýtinjik, Kelez, Karaman obalary bilen, Jebel Ekratdaky Kibbani we Bedeme obasynyň nyşana alynandygy we hüjümde ýaralananlaryň bardygy nygtaldy.

Obalara guralýan hüjümler belli aralyklar bilen dowam edýär.

Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan 3 gün ozal Türkmendagyna guralan hüjümlerde 1 adam ýogalypdy, 3 adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar