Howpsyzlyk geňeşi şu gün 2018-2019-njy ýyllarda iş alyp barjak wagtlaýyn 5 agzasyny saýlar

Saýlanjak 5 täze agza 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 2 ýyl möhlet bilen Howpsyzlyk geňeşinde iş alyp barar

743707
Howpsyzlyk geňeşi şu gün 2018-2019-njy ýyllarda iş alyp barjak wagtlaýyn 5 agzasyny saýlar

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi şu gün 2018-2019-njy ýyllarda iş alyp barjak wagtlaýyn 5 agzasyny saýlar.

Öz toparlarynda bäsdeşleri bolmandygy üçin Perunyň, Kuweýdiň, Ekwador Gwineýasynyň, Pildişi kenarlarynyň we Polşanyň iki ýyl möhlet bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine wagtlaýn agzalyga saýlanmagyna garaşylýar.

Öz toparlarynda ýeke-täk dalaşgär bolsalarda Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanmaklary üçin BMG-na agza 193 ýurduň azyndan  2/3-siniň sesini almaly.

Şu gün saýlanjak 5 täze agza 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 2 ýyl möhlet bilen Howpsyzlyk geňeşinde iş alyp barar.

 



Degişli Habarlar