Sergeý Lawrow Siriýa bilen baglanşykly möhüm beýanat berdi

Lawrow terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň bu mesele bilen baglanşykly beýanatlaryny kabul etmeýändiklerini belledi

743798
Sergeý Lawrow Siriýa bilen baglanşykly möhüm beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow terror guramasy DAIŞ-iň Siriýanyň Rakka şäherinden Palmira söweşmän PKK/PÝD-ÝPG terror guramalary bilen düşünişendigi baradaky öňe sürmelere jogap berdi.

Sergeý Lawrow paýtagt Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda DAIŞ-iň Rakkadan Palmira söweşmän PKK/PÝD-ÝPG bilen ylalaşandygy bilen bagly soraga jogap berdi.

Terror guramasyPKK/PÝD-ÝPG-niň bu mesele bilen baglanşykly beýanatlary kabul etmeýändiklerini aýdan Lawrow mesele bilen bagly özlerindäki maglumatyň tapawutlydygyny belledi.

Sergeý Lawrow: “Russiýanyň Goranmak ministrligi bu maglumatlary tassyklaýar we ynanyp boljak maglumatlara esaslanýar. Bu maglumatyň ýaýramaga başlamagyndan soň DAIŞ-e agza terrorçylar Rakkadan Palmira tarap hereket etdiler. Bilişiňiz ýaly Russiýanyň howpsyzlyk güýçleri olary anyklap, ulag kerwenine hüjüm gurady” diýdi.



Degişli Habarlar