Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 1 polis gullukçysy ýogaldy

Hüjümde şeýle hem 3 adam hem ýaralandy

743760
Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 1 polis gullukçysy ýogaldy

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabatda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 1 polis gullukçysy ýogaldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani, bombaly ulagyň howa menziliniň golaýyndaky polis gözegçilik merkeziniň öňünde ýarylandygyny mälim etdi.

Hüjümde 3 adam hem ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Düýn irden hem paýtagt Kabulda guralan bombaly hüjümde 90 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar