Tramp Merkele Twitter arkaly jogap berdi

Donald Tramp Resmi waşingtonyň häkimiýetindäki ABŞ-na ynanylmajakdygyny duýduran Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele jogap berdi

742409
Tramp Merkele Twitter arkaly jogap berdi

Tramp, Merkeliň ýene-de bir gezek “Biz Ýewropada öz ykbalymyzy öz elimize almaly” diýen sözlerine Twitter arkaly jogap berdi.

Tramp ABŞ-nyň Germaniýa bilen söwda gatnaşygynda uly aratapawudyň bardygyny aýtdy.

Germaniýanyň NATO üçin edýän çykdajylarynyň azdygyny ýene-de bir gezek nygtan Tramp; “Germaniýa bilen söwda gatnaşygymyzda uly aratapawut bar, üssesine NATO üçin az goşant goşýarlar. Bu ABŞ üçin amatsyz. Bu şert üýtgemeli” diýdi.

Donald Tramp NATO maslahaty üçin geçen hepde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ÝB-niň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşypdy.

Nemes metbugaty duşuşykda Trampyň, Germaniýanyň söwda balansyndaky artykmaçlygyna nägilelik bildirip; “Nemesler erbet, iňňän erbet” diýendigini öňe sürüpdi.

 



Degişli Habarlar