NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg möhüm beýanatlar berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-nyň DAIŞ-e garşy söweşýän koalisiýanyň düzümine goşulmak barada karar kabul edendigini, emma söwejeň roly öz üstüne almajakdygyny belledi

739848
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg möhüm beýanatlar berdi

Ýens Stoltenberg Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen NATO-nyň Liderler maslahatyndan soň kabul edilen kararlar bilen baglanşykly metbugat ýygnagyny geçirdi.

Stoltenberg terrora garşy göreş babatynda NATO-nyň edýän tagallalarynyň artdyrylmagy bilen bagly bir meýilnamanyň düzülmegi barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

DAIŞ-e garşy söweşýän koalisiýa berilýän goldawyň artdyrylmagy barada karar kabul edendiklerini aýdan NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg şol çäkde gözegçilik uçarlary bilen has köp uçuşyň ýerine ýetirilip bilinjekdigini, şonuň bilen birlikde has köp maglumat çalşygyny edip biljekdiklerini mälim etdi.

“NATO-nyň halkara koalisiýanyň doly agzasy bolmagy barada karar kabul etdik. Koalisiýanyň düzüminde bolmagymyz söweşjeň rol aljakdygymyz manysyny bermeýär, emma biziň terrora garşy golbal derejedäki göreşe ähmiýet berýändigimiz barada güýçli ýüzlenme bolar” diýdi.

Baş sekretar NATO-nyň Yragyň howpsyzlyk güýçlerine berilýän harby tälimiň dowam etdiriljekdigini belledi.Owganystandaky tälimleriň hem dowam etdirilmegi barada karar kabul edendiklerini bellän Stoltenberg käbir agza ýurtlaryň bu missiýa esger ibermegi kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

NATO-Russiýa gatnaşyklarynyň liderleriň gün tertibine gelendigini mälim eden Ýens Stoltenberg: “Hyzmatdaşlar çaknyşyk çykarmak üçin däl, çaknyşygyň öňüni almak we parahatçylygy goramak üçin güýçli ýagdaýda bilelikde durýarlar. Şol bir wagtda açyklygy artdyrmak we riskleri azaltmak üçin Russiýa bilen dialoga açyk bolmagymyzy dowam etdirýäris” diýdi.

Karadag döwletiniň birnaçe hepdäniň dowamynda 29-njy agza bolup NATO-nyň düzümine goşuljakdygyny aýdan Stoltenberg indiki NATO maslahatynyň öňümizdäki ýyl geçiriljekdigini belledi.



Degişli Habarlar