Resmi Waşingtonyň PÝD/ÝPG hakyndaky syýasaty türk-amerikan gatnaşyklaryna zeper ýetirýär

Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde başga bir terror guramasyna ýarag kömeginiň berilmegi ABŞ-da hem jedelleşige sebäp boldy

738139
Resmi Waşingtonyň  PÝD/ÝPG hakyndaky syýasaty türk-amerikan gatnaşyklaryna zeper ýetirýär

ABŞ-nyň merkezi Razwedka gullugynyň ýolbaşçylaryna görä, resmi Waşingtonyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG hakyndaky syýasaty türk-amerikan gatnaşyklaryna zeper ýetirýär.

Mesele Amerikan senadynyň ýaragly hyzmatlar komitetinde geçirlen “Dünýädaki howplar” temaly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günorta Karolinanyn senatory Lindseý Graham, Milli Razwedka gullugynyň başlygy Dan Koatrs bilen goranyş gullugynyň başlygy Winsent Stewarta terror guramasy ÝPG-ä berilýän kömegiň Türkiýe bilen düşnüşmezlige sebäp bolup bolmandygyny sorady.

Razwedka gullugynyň ýolbaşçylary hem “syýasatlarymyz dartgynlyga sebäp bolup bilýär” diýip jogap berdi.


Etiketkalar: #DAIŞ , #senat , #ABŞ , #gatnaşyk , #Türkiýe

Degişli Habarlar