BMG-dan Demirgazyk Koreýa çagyryş

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Demirgazyk Koreýa ýadro gepleşikleriniň ýolunyň açylmagy üçin ballistik raketa synaglaryndan ýüz öwürmek barada çagyryş berdi

737357
BMG-dan Demirgazyk Koreýa çagyryş

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Duýarriç gündelik metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýanyň ballistik synaglarynyň sebit we halkara howpsyzlygyna howp salýandygyny belledi.

Stefan Duýarriç: “Demirgazyk Koreýa manyly dialogyň ýaňadandan başlanmagyna mümkinçilik bermek üçin raketa synaglaryny duruzmagy barada çagyryş berýäris” diýdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ýadro programasy sebäpli Demirgazyk Koreýa 2006-njy ýyldan bäri biri-birinden tapawutly harby we ykdysady embargolar goýýar.

ABŞ Demirgazyk Koreýa garşy embargolaryň artdyrylmagyny isleýär. Demirgazyk Koreýa bolsa ballistik raketa synaglarynyň goranyş maksatlydygyny öňe sürýär.

Demirgazyk Koreýa ýekşenbe güni hem orta aralykly ballistik raketa synagyny üstünlikli synagdan geçirendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar