Amerikan uçarlar Siriýanyň hökümetine degişli güýçleri bombalady

ABŞ-nyň harby uçarlary Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Al Tanf sebitiniň golaýynda Asada bagly güýçleriň ulag kerwenini bombalady

735565
Amerikan uçarlar Siriýanyň hökümetine degişli güýçleri bombalady

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy hyzmatdaş güýçler tarapyndan berilen beýanatda: “Hyzmatdaş güýçler 18-nji maýda Siriýanyň Al Tanf sebitiniň demirgazyk-gündogarynda Asada bagly güýçleriň ulag kerwenini nyşana alyp, hüjüm gurady. Ulag kerweni Al Tanf sebitinde bar bolan amerikan we hyzmatdaş güýçlerine howp salýardy” diýilýär.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagondan resmileriň biri hüjümiň netijeleri bilen baglanşykly derňewleriň dowam edýändigini belläp, sebitde 100 amerikan esgeriniň bardygyny we eýýäm ençeme wagt bäri ol ýerde DAIŞ-e garşy söweşýändigini habar berdi.

Amerikan mediasynda berilýän käbir habarlara görä bolsa Asada bagly güýçleriň 27 ulag bilen Al Tanf sebitiniň içine 25 kilometr girendigi nygtalýar.

ABŞ Yrak, Siriýa we Iordaniýa ýaly ýurtlar bilen serhetdeş bolan Al Tanf sebitinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky harby bazada DAIŞ-e garşy tälim berýär.

Geçen aý DAIŞ-e agza terrorçylaryň harby baza hüjüm guramagy bilen amerikan esgerler hem oppozisionerler bilen bilelikde terrorçylara garşy söweşdiler.



Degişli Habarlar