Tramp-Erdogan duşuşygy daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gün tertibinde

CNN iki lideriň duşuşykdan soň metbugata beren beýanatyny “soňky täzelik” hökmünde berdi

733703
Tramp-Erdogan duşuşygy daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gün tertibinde

 

Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda bolan duşuşygy hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleride giň beýan tapýar.

CNN iki lideriň duşuşykdan soň metbugata beren beýanatyny “soňky täzelik” hökmünde berdi.

Nýu Ýork Taýmes gazeti bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Prezident Erdogan bilen metbugata beren beýanatyndaky sözlerini söz başysy hökmünde saýlap alypdyr.

Gazet “Tramp terrora garşy göreşde Erdogany hyzmatdaş hökmünde öwdi” söz başyly habarynda “Prezident Tramp Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň terrora garşy göreşde ynamdar hyzmatdaşdygy hakynda öwgüli sözler aýtdy” diýip ýazýar.

 Al Jezire bolsa Prezident Erdoganyň Tramp bilen Ak Tamda bolan duşuşygynda dürli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny mälim etdi.

Nemes halkara ýaýlym guramasy Doçe Welle bolsa Trampyň Türkiýe bilen Amerikanyň arasyndaky iki taraply gatnaşyklaryň ýokardygyna we geljek-de has pugtalanjakdygyna ünsi çekendigini belleýär.

Gresiýanyň köp tiražly Katimerini gazeti bolsa Ankara bilen Waşingtonyň Ýakyn Gündogarda durnuksyzlyk emele getirmek isleýän terror guramalaryna garşy birlikde göreşjekdigini ýazdy.

 



Degişli Habarlar