"Ýewropanyň we Wengriýanyň howpsyzlygy Türkiýä bagly"

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban Ýewropanyň we ýurdunyň howpsyzlygynyň Türkiýä baglydygyny aýtdy

732822
"Ýewropanyň we Wengriýanyň  howpsyzlygy Türkiýä bagly"

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde geçirlen Halkara hyzmatdaşlyk üçin Bir Nesil-Bir Ýol forumyna gatnaşan Wengriýanyň Premýer ministri Orban forum hakynda ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.

Forumyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşandygyny aýdan Orban Wengriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary bolmagynyň ýurdunyň milli howpsyzlygy taýdan möhümdigine ünsi çekdi.

Orban “Prezident R. T. Erdogana hemişe sarpa goýýarys. Ýewropanyň we Wengriýanyň howpsyzlygy umuman alnanda Türkiýä bagly. Çünki Türkiýe şu günki günde durnukly ýurt we bikanun göç edilşigiň öňüni alyp bilýär. Türk-Wenger gatnaşyklarynyň ýokary bolmagy Wengriýanyň milli howpsyzlygynyň bir bölegidir” diýdi.

 



Degişli Habarlar