Papua-Täze Gwineýada 17 tussagly öldürildi

Papua-Täze Gwineýada howpsyzlyk güýçleriniň tussaghanadan gaçmak islän tussaglylara od açmagy netijesinde 17 tussagly ýogaldy

732367
Papua-Täze Gwineýada 17 tussagly öldürildi

Resmiler ýurdyň iň uly ikinji şäheri bolan Laedäki Buimo tussaghanasyndaky tussaglylaryň ol ýerden gaçmaga synanyşandygyny habar berdiler.

Howpsyzlyk güýçleriniň tussaglylara od açmagy netijesinde 17 adamyň ýogalandygy we 3 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Wakadan peýadalanan 57 tussaglynyň bolsa gaçandygy bellendi.

Polisiýa gullugy gaçan tussaglylaryň agyr günäler sebäpli tussaglykda saklanandyklaryny, jemgyýet üçin howp döredip biljekdiklerini aýdyp gören adamlaryň resmileri habardar etmekleri barada duýduryş berdi.



Degişli Habarlar