Abbas Prezidenti Donald Trampyň ýakynda Palestina geljekdigini mälim etdi
Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýakynda Palestina geljekdigini mälim etdi
Abbas Ramallah şäherinde Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier bilen bolan duşuşygynda Trampyň hemaýatkärliginde parahatçylygyň üpjün edilmegi meselesinde Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşmaga taýardygyny nygtady.
Geçen hepde ABŞ-da Tramp bilen bolan duşuşygyny ýatladan Abbas “Trampa hyzmatdaşlyga taýardygymyzy we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin onuň ýolbaşçylygynda Ysraýylyň Premýer ministri bilen duşuşmaga taýardygymy aýtdym” diýdi.
Abbas “Trampyň ýakynda Beýtüllahime gurajak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.
Tramp üstümizdäki aýyň ahyrynda ilkinji resmi daşary ýurt saparyny Ysraýyla gurar.
Mahmud Abbas bilen Donald Tramp 3-nji maýda Waşingtonda duşuşypdy.
Ak Tam ertesi gün beren beýanatynda Trampyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparynyň çäginde Palestina baryp biljekdigi nygtaldy.
Abbas Tramp bilen duşuşygynyň oňyn geçendigini mälim edipdi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl, Liwana Gury Ýer Hüjüminiň Guralmagy Üçin Taýarlyk Görýär
Herzi Halewi, Liwana gury ýer hüjümleriniň guralmagy üçin taýarlyk görýändiklerini mälim etdi.
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylyň harby uçarlarynyň Liwana guran soňky hüjümlerinde ýene-de 4 adam ýogaldy.