"Ysraýyl-Palestina dartgynlygy diňe iki döwletli çözgüde laýyklykda çözüler"

Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier Ysraýyl-Palestina dartgynlygynyň diňe iki döwletli çözgüde laýyklykda çözülip bilinjekdigini aýtdy

727684
"Ysraýyl-Palestina dartgynlygy diňe iki döwletli çözgüde laýyklykda çözüler"

Germaniýanyň Prezidenti Şteinmeier Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin bilen İerusalymda bolan duşuşygynda “Ysraýyl-Palestina meselesiniň çözülmegi üçin iki döwletli çözgüt ýeke-täk çykalgadyr” diýdi.

İki döwletli çözgütden başga çykalganyň ýokdygyny aýdan Şteinmeier “Başga alternatiw ýok. Garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmazlygy diňe howpsyzlaga zeper ýetirer” diýdi.

Şteinmeier Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel bilen geçen aý meýilleşdirlen duşuşugyny goý bolsun etmegi sebäpli iki ýurduň arasynda dartgynlaşan gatnaşyklara ünsi çekdi we “Biz täze kada we dartgynlyk islemeýäris. Biz  dürüst we açyk dialog isleýäris” diýdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Riwlin bolsa ýurdunyň Germaniýa bilen edýän gatnaşyklaryna ünsi çekmek bilen “Ysraýyl aktiw demokratik ýurt. Tapawutly garaýyşlary özünde jemleýän ýurt. Bu köpdürlülik kä mahala kabul edilmegi kyn hem bolsa öz barlygyny gorap saklaýar” diýdi.

Mart aýynda Germaniýanyň Prezidenti wezipesini kabul edip alan Şteinmeier ilkinji daşary ýurt saparyny Ysraýyla gurady.

 



Degişli Habarlar