"Siriýadaky çaknyşyksyz zolaklar uçuşa ýapyk bolar"

Lawrentiew Astanada rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi

726708
"Siriýadaky çaknyşyksyz zolaklar uçuşa ýapyk bolar"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putininiň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandyr Lawrentiew Siriýadaky çaknyşyksyz zolaklaryň uçuşa ýapyk boljakdygyny aýtdy.

Lawrentiew Gazagystanyň paýtagty Astanada rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.

Lawrentiew beýanatynda “Çaknyşyksyz zolaklar uçuşa ýapyk bolar. ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçlerine degişli harby uçarlar hem şol zolaga girip bilmezler” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar