Ýewropada türklere garşy guralýan hüjümler dowam edýär

Soňky gezek Türkiýäniň Şweýsariýanyň Sýurih şäherindäki baş konsullygyna hüjüm guraldy

723941
Ýewropada türklere garşy guralýan hüjümler dowam edýär

1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk gününde Baş konsullygyň öňüne gelen 100 adamlyk ýüzleri maksaly we şahsyýeti näbelli adamlar ellerindäki boýaglary konsullygyň binasyna zyňdy.

Boýagly hüjüm sebäpli bina uly zeper ýetirildi.

Zyňylan boýaglaryň reňkleri hüjümiň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň tarapdarlary tarapyndan guralandygyny görkezýär.

Ýüzleri maskaly hüjümçiler baş konsullygyň golaýyndaky awtobus duralgasyna we garşydaky bina gyzyl reňekler bilen “Kill Erdogan ýagny Erdogany öldüriň” diýip ýazdy.

1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk günü mynasibetli baş konsullykda howpsyzlyk güýçlerinden başga adam ýokdy.

 



Degişli Habarlar