Siriýanyň paýtagaty Damaskda güýçli partlama boldy

Howa menziliniň golaýynda bolan partlamadan soň ýangyn başlady we uzak wagtlap dowam etdi

721496
Siriýanyň paýtagaty Damaskda güýçli partlama boldy

Partlamanyň näme sebäpden bolandygy barada resmi beýannama berilmedi.

Liwanyn habar beriş serişdeleri partlamanyň Ysraýylyň howa hüjümi netijesinde bolandygyny habar berdi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä etrapda Hizbullahyň ýarag ammaryna 5 hüjüm guraldy.

Ysraýylyň Howpsyzlyk ministri Ýisrael Katz “heläkçilik” atlandyran partlamasynyň ýurduň Eýranyň ýarag geçirişiniň öňüni alma syýasaty bilen utgaşyklydygyny aýtdy.

Ysraýyl Siriýadan Liwana ýarag geçirilýändigi sebäpli birnäçe gezek Damaskyň howa menziliniň golaýyna we Damask-Beýrut gara ýoluna howa hüjümini gurapdy.



Degişli Habarlar