Refah gümrük geçelgesini açmagy üçin Müsüre çagyryş berildi

Gazadaky Palestinanyň Içeri işler ministrligi 45 günden bäri ýapyk bolan Refah gümrük geçelgesini açmagy üçin Müsüre çagyryş berdi

719105
Refah gümrük geçelgesini açmagy üçin Müsüre çagyryş berildi

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Iýad Al Bezm mesele hakynda beren  ýazmaça beýanatynda “Müsüriň hökümetini Gazadaky şertleriň kadalaşmagy üçin Refah gümrük geçelgesini gysga wagtda açmaga çagyrýaryn” diýildi.

Iýad Al Bezm gümrük geçelgesiniň 45 günden bäri ýapykdygyny we soňky 8 aýda gümrük geçelgesiniň ilkinji gezek şeýle köp wagtdan bäri ýapykdygyny we bu ýagdaýyň Gazadaky halkyň ýagdaýyny agyrlaşdyrýandygyny ýatlatdy.

Beýanatda gümrük geçelgesinden geçmek üçin 20 müňden gowrak adamyň ýüz tutandygy nygtaldy.

Müsüriň hökümeti 2013-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky harby agdarlyşykdan soň Refah gümrük geçelgesini wagtal-wagtal wagtlaýyn açýar

 



Degişli Habarlar