Dagystandaky mekdepleriň birinde partlama boldy

Hadysada 1 okuwçy ýogaldy

719501
Dagystandaky mekdepleriň birinde partlama boldy

Russiýanyň Dagystan Respublikasyndaky mekdepleriň birinde bolan partlamada 1 okuwçy ýogaldy.

Dagystanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä Sumadinskiý sebitindäki mekdepleriň birinde kompýuter otagynda granat partlady.

Partlama sebäpli 3-siniň ýagdaýy agyr bolan 11 okuwçy ýaralandy.

Ýaralanan okuwçylar bejergi astyna alyndy.

Ministrlik wakanyň ünssiz ýarag ulanylmagy sebäpli bolandygyny belledi. Mekdebiň müdüri Şamil Abakarow bolsa okuwçylaryň biriniň mekdebe getiren granadynyň partlandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar