Russiýanyň Daşary işler ministri Siriýa babatynda beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde tassyklanan karardan daşary bir meýilnamanyň ýokdygyny habar berdi

716478
Russiýanyň Daşary işler ministri Siriýa babatynda beýanat berdi

Lawrow Gruziýadan bir taraplaýyn ýagdaýda Garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýada geçiren metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň 11-12-nji apreldäki Moskwa saparynda Siriýada hökümediň üýtgedilmegi bilen baglanşykly meseläniň gün tertibe getirilip-getirilmändigi bilen bagly soraga Tillerson bilen Siriýa meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Sergeý Lawrow: "Biz üçin bir meýilnama bar, ol hem Siriýanyň geljegini Siriýanyň halkynyň kesgitlejekdigi bellenen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 karary. Bu karardan başga bir ýoluň bardygyna ynanamok" diýdi.

 



Degişli Habarlar