Siriýada guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 10 adam ýogaldy

Siriýanyň gündogarynda terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky etrapça guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 10 adam ýogaldy

715317
Siriýada guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 10 adam ýogaldy

Oppozisionerlere görä howa hüjümi ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar bilen guraldy.

Merkezi Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary guramasy tarapyndan berlen beýanata görä, howa hüjüminde Bukemal etrapçasy nyşana alyndy.

Hüjümde ýogalanlaryň arasynda zenanlar bilen çagalar hem bar.

Howa hüjüminde 3 DAIŞ terrorçysy hem öldürildi.

Oppozisionerler hüjümden azyndan 4 binanyň hatardan çykandygyny we köp sanly adamyň ýaralanandygyny nygtaýar.

Beýleki tarapdan Siriýanyň Türkiýe serhedinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Idlib we Halap welaýatlarynda guralan howa hüjüminde esasy bölegi çagalardan ybarat 15 adam ýogaldy.

Oppozisionerler hüjümiň rus uçarlary tarapyndan guralandygyny we hüjümde wakum bombasynyň ulanylandygyny öňe sürýär.

 



Degişli Habarlar