Daşary ýurtlarda saýlawa gatnaşyk 44 göterim boldy

Daşary ýurtlarda bellige alynan 3 milliona golaý türk saýlawçynyň 44 göterimi saýlawlara gatnaşyp seslerini berdiler

714281
Daşary ýurtlarda saýlawa gatnaşyk 44 göterim boldy

Resmi bolmadyk netijelere görä daşary ýurtlarda ýaşaýan türk saýlawçylaryň 59 göterimi kabul sesini berdi.

Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýany ýurtdan kowan we diplomatik krizis başda geçirilen Gollandiýada kabul sesini beren adamlaryň sany 75 göterime deň bolan bolsa, Awstriýada hem kabul sesiniň iň köp berilen ýeri boldy. Awstriýada ýaşaýan türkleriň 73 göterimi kabul sesini berdi.

Germaniýadaky türk raýatlaryň 63 göterimi kabul sesini beren bolsa, ABŞ-da türk raýatlaryň 84 göterimi, Kanadada ýaşaýan türk raýatlaryň bolsa 73 göterimi garşy ses berdi.

Gümrüklerde 97535 ses beren adamlaryň 54 göterimi kabul sesini berdi.



Degişli Habarlar