Ortaýer deňizinde bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Wakada 97 adam ýogaldy

712507
Ortaýer deňizinde bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Ortaýer deňizinde Ýewropa geçmäge synanyşan bosgunlary daşaýan gaýygyň Liwiýanyň suw giňişliginde batmagy netijesinde 97 adam ýogaldy.

Liwiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri Tripoli şäheriniň 10 km uzaklygynda gaýygyň batandygyny gördüler.

Asly afrikaly 120 bosguny daşaýan gaýykdan 23 adam halas edilip ýetişildi.

Aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan 97 adam bolsa gark bolup ýogaldy.

Syýasy krizis dowam edýän ýurtdan soňky 3 ýylda 150 müňden gowrak bosgun Italiýa geçdi.

Diňe 2016-njy ýylda 4500-den gowrak bosgun Liwiýanyň suw giňişliginde gark bolup ýogaldy.



Degişli Habarlar