Russiýa Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlyga alada bildirýär

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Moskwanyň taraplara sowukganly bolup, öjükdiriji hereketler etmezlikleri barada çagyryş berýändigini belledi

712824
Russiýa Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlyga alada bildirýär

Peskow žurnalsitlere beren beýanatynda Russiýanyň Demirgazyk Koreýadaky ähli krizisleriň syýasy we diplomatik ýollar bilen çözülmegine goldaw berýändigini nygtady.

Beýleki tarapdan bolsa Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlyk harby manýowrlar bilen artsada ABŞ-nyň Wise-prezidenti  Maýk Pens Phenýanyň täze ýadro raketa synagyny geçirjekdigi baradaky öňe sürmelere garamazdan ýekşenbe güni Günorta Koreýa sapar gurar.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Han Song-Rýol ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýazýan tweetleri bilen Demirgazyk Koreýanyň goşunyny öjükdirýändigini belledi we gerek bolan halatynda söweş yglan edip biljekdiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar